BILIM

Uçurymlar welaýat kitaphanasyndaky kitap sergilerine syn etdiler

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde «Soňky jaň» dabaralaryna hem-de Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan kitap sergisi guraldy. «Ak mekdepden — durmuşa», «Aşgabat — Watanyň tylla jygasy» diýen atlar bilen ýaýbaňlandyrylan sergilere Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň uçurymlary gatnaşdylar.
Sergide ýurdumyzyň taryhy, medeni mirasy, Aşgabat şäheriniň ösüşi, şeýle hem dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleri barada gürrüň berýän neşirler ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar uçurymlara sergidäki täze kitaplar, olaryň mazmuny we kitap okamagyň ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmekdäki ähmiýeti barada maglumat berdiler.
Gezelenç uçurymlar üçin ýatda galyjy medeni çäre boldy. Olar serginiň dowamynda özlerini gyzyklandyran neşirler bilen tanyşyp, kitap okamagyň bilim almakdaky, özbaşdak pikirlenmegi ösdürmekdäki we geljekki hünär ýoluny saýlamakdaky ähmiýetine has ýakyndan göz ýetirdiler.