BILIM

Uçurymlar atçylyk hünäri boýunça okamaklyga çagyryldy

Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdepde geçirilen maslahatda uçurymlar atçylyk hünäri boýunça okamaklyga çagyryldy. «Behişdi bedewler — milletiň şany» ady bilen geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilelikde gurady.
Maslahata bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň agzalar, hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Onda ahalteke bedewleri, olaryň milli mirasymyzdaky orny we Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewler baradaky eserleri hakynda giňişleýin söhbet edildi. Çäräniň dowamynda Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr atçylyk bölüminde okaýan talyplar seýisçilik, atşynaslyk we atçylyk sporty barada çykyş edip, şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary bu ugur boýunça bilim almaga çagyrdylar.