MEDENIÝET

Uçurym bolan güni döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy Aýnazar Amanow bu mekdepden uçurym bolan güni «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Ol bu barada welaýat neşiriniň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
—Bu üstünligiň welaýat ýörite sungat mekdebini bagşy hünäri boýunça tamamlan günüm bilen gabat gelmegi meniň üçin goşa şatlyga öwrüldi. Men bäsleşikde «Ýusup-Ahmet» dessanyndan «Şordan tapyldy» sazynyň ýanynda aýdylýan «Zöhre nalyşy» diýen aýdymy ýerine ýetirdim.
Ýaş bagşynyň aýdyşy ýaly, bagşyçylygyň ärsary ýolunyň ägirtleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň, Öwlüýäguly bagşynyň, Juma Wellegiň we beýlekileriň ýoluny täze röwüşde ýerine ýetirmek meniň üçin belent mertebe.
― Şu ugurda halypam, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowyň sapaklary, öwüt-ündewleri bilen dessanlarymyzdan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna belent heňde aýdylýan «Ýar senden», «Zülpüň seniň», «Gezemek bilen», «Gözüm düşdi» ýaly aýdymlaryň onlarçasyny öwrendim ― diýip, bäsleşigiň ýeňijisi gürrüň berýär.