- ESASY HABARLAR, SYÝASAT

Uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzümi döredilýär

2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlandy. Şol sebäpli, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem uçastok saýlaw toparlaryny täzeden döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu günler welaýatyň çäginde täze dörediljek uçastok saýlaw toparlarynyň agzalygyna öz wekillerini hödürlemek boýunça syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan ýygnaklar giň gerim bilen geçirilýär. Täze dörediljek uçastok saýlaw toparlarynyň agzalygyna il arasynda uly hormatdan peýdalanýan raýatlar hödürlenilýär. Olarynyň düzümi degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan tassyklanar we olar öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda welaýatyň çäginde geçiriljek saýlawlaryň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, demokratik ýörelgelere, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün ederler.