JEMGYÝET

Üç ýyldan soň Deli şäherine ilkinji uçuş amala aşyryldy

Üç ýyllyk arakesmeden soňra düýn ― 26-njy martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat ― Deli ― Aşgabat aralygynda ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

Hindi neşirleriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda howa gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi mynasybetli awiakompaniýanyň uçarynyň kapitany we ekipžy Deli şäherinde Hökümet wekiliýeti tarapyndan ter gül desseleri bilen garşylanyldy.

Indi bu uçuş her hepdäniň ýekşenbe güni amala aşyrylar. Aşgabatdan gije sagat 03:20-de asmana göterilen uçar Indira Gandi adyndaky halkara howa menziline 07:10-da gonar.

Aşgabatdan Deli şäherine uçmagyň bahasy 5532 manat 70 teňňe. Petegi awiakompaniýanyň resmi saýtyndan onlaýn görnüşde hem satyn alyp bolýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: