YKDYSADYÝET

Üç ýaşly kärhana her gün 300 kilogram eti gaýtadan işleýär

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Rowa» haryt nyşanly et we şöhlat önümleri kärhanasynda häzirki wagtda her gün 300 kilogramdan gowrak mal eti gaýtadan işlenilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ihtiýar Seýidowyň başlangyjy bilen döredilen önümçilik 2023-nji ýylda işe başlady. Kärhananyň iş dolandyryjysy Nariman Ismaýilowyň aýtmagyna görä, önümçilik ilkibaşda bir günde 50 — 100 kilogram et gaýtadan işlän bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 300 kilogramdan geçdi.
Kärhanada häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 10-a golaýy zähmet çekýär. Önümçilikde şöhlat önümleriniň 15-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda «Rowan», «Arkaç», «Aşgabat», «Abadan», «Güneşli», «Bitaraplyk», «Köýtendag», «Daşrabat», «Altyn şapak», «Rowaç», «Gündogar», «Altyn kenar», «Altyn çeşme», «Awçy», «Gunça» ýaly önümler bar. Çig mal hökmünde, esasan, şahsy hojalyklarda idedilýän iri şahly mallaryň eti ulanylýar.
Taýýarlanylýan et we şöhlat önümleri yzygiderli hil barlagyndan geçirilýär. Önümçiligiň golaýynda et we et önümlerini ýerlemäge niýetlenen dükan hem hereket edýär. Kärhanada geljekde täze önümleriň görnüşlerini artdyrmak meýilleşdirilýär.