DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tywa ýazuwynyň heýkeli Russiýanyň iň üýtgeşik ýadygärligi diýlip yglan edildi

Russiýalylar Tywa Respublikasynyň «Beldir-Kežii» muzeý goraghanasynda ýerleşýän tywa ýazuwynyň heýkelini ýurduň iň üýtgeşik ýadygärligi diýip bellediler. Muňa «Туту.ру» gezelençler we syýahat serwisiniň geçiren ses bermeleriniň netijeleri şaýatlyk edýär. Soňky ses bermelere 143 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu barada «Известия» ýazýar.
Russiýalylaryň 21,99%-i tywa ýazuwynyň heýkelini özleriniň gowy görýänleriniň hatarynda görkezdiler. Ikinji orny Kurskide ýerleşýän we 21,21% ses alan «Duşuşyk» heýkeli eýeledi. Üçünji orna 14,21% ses alan Noýabrsk şäherinde oturdylan «Çybyn — Sibiriň goraýjysy» ýadygärligi mynasyp boldy.
Şonuň ýaly-da, reýtinge Ýoşkar-Olidäki «Ýoşkiniň pişigi» (11,29%), Glazowkaky «Terminator» (7,03%) we Ýakutskidäki köçe süpürijä goýlan (6,17%) ýadygärlikleri girdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply