TÜRKMENISTAN HABARLARY

Tylda galan lebaplylaryň urşa ýollan kömekleri barada maglumat berildi

1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenabatdaky senagat kärhanasynyň işçileri 1941-nji ýylyň noýabrynda bir günlük zähmet hakyny «Türkmenistanly komsomollardan» atly tank kolonnasynyň gurluşygy üçin geçiripdirler. Bu barada welaýat gazeti habar berýär
Edil yz ýany bilen her aýdaky aýlykdan bir günküsini front üçin ýyly geýimleri edinmek üçin geçirmeklik hakynda karar kabul edipdirler. Olar uruş ýyllarynyň dowamynda meýilnamadan artyk işläp, goranmak gaznasyna 132,4 müň manada golaý pul serişdesini tabşyrypdyrlar.