Duşenbe güni «Twitter» web sahypasyndaky logotipindäki gök guşy «Dogecoin» kriptowalýutasynyň nyşany bolan it bilen çalyşdy. Bu üýtgeşmäniň hemişelik edilendigi heniz belli däl.
Sosial ulgamyň blogy, «Twitteriň» goldaw sahypasy, şeýle hem sosial ulgamyň eýesi Ilon Maskyň sahypasy bu barada hiç hili düşündiriş bermedi.
«Bloomberg»-iň maglumatlaryna görä, üýtgeşiklikden bäri «Binance» kriptowalýuta biržasyndaky «Dogecoin»-iň bahasy 30 göterim ýokarlandy.
Mask özüniň «Twitterinde» «Dogecoin» hakda birnäçe gezek oňyn pikirlerini aýtdy. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ol «Dogecoin»-y Aýa ibermegi wada berdi we maý aýynda ol özüniň «SpaceX» kompaniýasynyň 2022-nji ýylda kriptowalýuta tarapyndan doly tölenen şertnama boýunça Aýa emeli hemra iberjekdigini aýtdy.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Maskyň beýleki kompaniýasy «Tesla» özüniň käbir önümleri üçin töleg hökmünde «Dogecoin»-y kabul etjekdigini aýtdy.