«Twitter» elektron poçta öwrülip barýar
Amerikaly işewür Ilon Mask eýeçilik edýän “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunyň toparynyň elektron poçta hyzmaty ulgamyny döretmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Täze ulgam “Xmail” hökmünde ulanyşa goýberiler.
Mask bu barada jemgyýetçilik torunda habar berip, amala aşyrylmaly işleriň sanawynda bu wezipäniň hem goýlandygyny mälim etdi.
Mälim bolşy ýaly, “Twitter” jemgyýetçilik toruny satyn alyp, ony “X” tory
hökmünde adyny üýtgeden Ilon Mask baýlygy 400 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy.