DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Twitter Blue» indi hemmeler üçin elýeterli

«Twitter Blue» diýlip atlandyrylýan «Twitter» hasabyny tölegli barlamak hyzmaty häzirki wagtda dünýädäki ulanyjylar üçin elýeterlidir.

Bu barada sosial ulgamyň eýesi Elon Mask şeýle habar berýär: «Twitter Blue» indi bütin dünýä boýunça elýeterli».

«Twitter Blue» abunalygy sosial ulgam ulanyjylaryna öz hasabynda hakykylygy görkezýän gök nyşany almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ulanyjylaryň iki esse köp mahabat görüp, sahypalarynda has uzyn wideolary goýup we innowasiýalardan has gowy peýdalanmak mümkinçiligini gazanyp biljekdigi aýdylýar.

Şeýle hem, «Twitter Blue» hasaplary gözleglerde, ýatlamalarda we teswirler sanawynda has gowy görünýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: