TÜRKMENISTAN HABARLARY

“Turkmentextile Expo-2025” tomusda geçiriler

2025-nji ýlyyň 11-13-nji iýun aralygynda Aşgabat dünýäniň dürli künjeginden gelen dokma senagatynyň wekilleriniň üns merkezine öwrüler. Bu günlerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen “Türkmen ekspo” hususy kärhanasynyň guramagynda “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

“Turkmentextile Expo-2025” giň gerimli ugurlary öz içine alýar:
– Dokma enjamlary we enjamlar;
– Geýim, aýakgap, deriden taýýarlanan önümler;
– Tebigy süýümleri gaýtadan işlemek;
– Öý dokma önümleri we ekotekstil;
– Ätiýaçlyk şaýlary we kömekçi materiallar;
– Himiki serişdeler we boýaglar;
– Aksesuarlar we tikin furniturasy;
– Iň täze tehnologiýalar;
– Moda we dizaýn.

“Turkmentextile Expo-2025” gatnaşyjylara pudagyň öňdebaryjy wekilleri bilen işewür hyzmatdaşlyk gurmaga, önümlerini we hyzmatlaryny dünýä bazaryna hödürlemäge, iň täze bazar tendensiýalary bilen tanyşmaga we täze hyzmatdaşlary tapmaga mümkinçilik döreder.