TÜRKMENISTAN HABARLARY

“Türkmenstandartlary” halkara akkreditasiýany giňeldýär

Ýurdumyzda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamyny halkara derejesine çykarmak boýunça işler dowam edýär — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek boýunça çäreleriň alnyp barylýandygy hem-de daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz halkara standartlara laýyklykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.