TÜRKMENISTAN HABARLARY

«Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň esasyny düzýän ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine önümçilik üçin zerur bolan döwrebap tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler açar.