SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň zenanlar toparynyň ýygyndysy futbol boýunça sebitleýin çempionata gatnaşarlar

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi-Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine ugrady.

СAFA-nyň çempionaty 8-nji iýulda başlanar we 20-nji iýula çenli dowam eder. Oňa Türkmenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary gatnaşarlar.

Milli ýygyndynyň düzümindäki 30 futbolçynyň bäşisi Lebap welaýatyndandyr. Malika Eminowa, Aýşa bilen Patma Bäşimowalar, Swetlana Prýanikowa, Gözel Artykowa dagylaryň atlary güýçli futbolçylaryň hatarynda tutulýar. Aýşa bilen Gözel häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň 14-nji sport mekdebinde tälim alýarlar. Beýleki üç futbolçy Aşgabatda ýokary bilim alýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: