Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Kanuna gol çekdi. Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
«Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuna görä, çalşyk tertipnamasynda iş wagtynyň kadaly dowamlylygy önümçilik senenamasynda bellenen iş sagatlarynyň çäklerinde kesgitlenilýär we alty günlük iş hepdesinde gündelik işiň dowamlylygy 40 sagatlyk hepdelik kadasynda ýedi sagatdan уbarat bolan iş wagtyna deňleşdirilýär.
Önümçilikde betbagtçylykly hadysanyň ýada hünär keseliniň netijesinde işgär aradan çykan mahalynda kärhana aradan çykanyň maşgalasyna (maşgala agzalaryna) aradan çykanyň ortaça zähmet hakyny hasaplamak üçin hakyky hasaplanan ýyllyk zähmet haklarynyň on esse möçberinde birwagtlaýyn kömek puluny töleýär.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgeşmeler girizildi, indi…
29
Nov
