BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary welaýatlarda geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde geçirilýär. Eýýäm käbir ýokary okuw jaýlaryna synaglar başlandy. Türkmenistanyň Serhet gullugynyň Serhet institutyna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmek isleýänler üçin bolsa synaglar şu gün tamamlandy.

Synaglar aşakdaky salgylarda geçirilýär:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetine, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna ― Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna ―Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdepde.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ― Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdepde.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, Halkara nebit we gaz uniwersiteti ― Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna ― Türkmenabat şäherindäki Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ― Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk institutyna ― Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.
Türkmen döwlet medeniýet institutyna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyna ― Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply