BILIM

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem 2020—2021-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek 12-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda geçiriler. Lebap welaýatynda iş kagyzlary şu aşakdaky okuw jaýlarynda kabul edilýär:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdep, «Himik» etrapaçasy, telefon belgisi: 9-77-60.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institity — Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdep, S.Nyýazow köçesiniň 129-njy jaýy, telefon belgisi: 6-07-80.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty — Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdep, Magtymguly etrapçasy, telefon belgisi: 3-79-32.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň inžener-tehhiki we ulag kommunikasiýalary instituty — Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdep, 3-nji etrapça, telefon belgisi: 4-38-91.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdep, «Bahar» etrapçasy, telefon belgisi 9-60-85.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalary uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdep, «Bahar» etrapçasy, telefon belgisi: 2-01-84.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty — Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdep, 3-nji kwartal, telefon belgisi: 2-40-51.

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi, Söwda-kooperatiw mekdebi, Ýöriteleşdirilen bank mekdebi, Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi — Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdep, «Parahat» etrapçasy, telefon belgileri: 6-69-67, 6-59-73.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi, Politehniki orta hünär okuw mekdebi — Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdep, «Parahat» etrapçasy, telefon belgileri: 6-76-34, 6-68-29.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty — Türkmenabat şäheri, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri: 9-87-71, 9-89-56.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty — Türkmenabat şäheri, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi, O.Garaýew köçesiniň 117-nji jaýy. Telefon belgileri: 6-06-75, 6-16-49

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: