Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy «Aziýa Kubogy — 2022»-niň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy

Nov 2, 2021

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda Daşkent şäherinde 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasýasýynyň saýtynda habar berilýär.

Ahmet Agamyradowyň tälim berýän ýygyndy topary Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eden «F» toparçasynda ikinji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen ýaşlar ýygyndymyz, ikinji oýnunda palestinaly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, ýaşlar ýygyndymyz öz toparçalarynda ikinji orny eýelän ýygynydylaryň arasynda öňdäki dörtlüge girip, taryhynda ilkinji gezek ýaşlar ýygyndylaryň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Bäşinji gezek geçirilýän Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk berýän ýollanmalar ugrunda ýygyndylaryň 38-si saýlama tapgyryndaky toparçalaryň 11-sinde özara bäsleşýändiklerini bellemek gerek.

Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Adblock
detector