TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Bu barada «Türkmenistan, altyn asyr» habar berýär.

Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy.

Sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy Geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça Halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça Birleşdirilen Maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bu halkara guramalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda neşe serişdeleriniň global gözegçiligi babatynda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmeginde we olaryň kämilleşdirilmeginde Neşe serişdeler boýunça komissiýanyň ornunyň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigi, kämil enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi barada, şeýle hem halklara we jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ilat bilen, aýratyn hem ýaşlar bilen wagyz-nesihat işleriň geçirilýändigi sessiýa gatnaşyjylara gysgaça habar berdi.

Şeýle hem, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça Kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.

Şeýle hem Komissiýa rezolýusiýalaryň taslamalaryna seretdi we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: