Türkmen saz sungatyny öwreniji, žurnalist, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Ýuliýa Jumaýewa zehinli, ussat sazanda Dmitriý Simonowyň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilen “Diňe bir saz bar” halkara edebi bäsleşiginiň III möwsüminiň baýragynyň eýesi boldy (“Turkmenportal” habar berýär).
Bäsleşige Moskwa, Sankt-Peterburg we Russiýanyň beýleki şäherlerden we sebitlerden, şeýle hem 15 ýurtdan: Awstraliýa, Belarus, Germaniýa, Müsür, Ysraýyl, Hindistan, Garagystan, Kanada, Litwa, ABŞ, Türkmenistan, Fransiýa, Şweýsariýa, Şwesiýadan jemi 173 ýazyjy gatnaşdy.
Ýeňijiler dört nominasiýada kesgitlenildi: “şygryýet”, “hekaýa”, “aýdym-saz
gutusy” –dokumental proza, žurnalistika, publisizm; “köçe sazandalary hakda
goşgular we hekaýalar”.
Emin agzalary tarapyndan saýlanan iň täsirli edebi eserler NOMB-nyň “Nowosibirskiň edebi kartasy” internet-portalynda çap edildi.
Bäsleşige ady dakylan Dmitriý Simonow zehinli jaz saksofonçysy (MGKI-Moskwa sungat kollejiniň talyby), gysga, ýöne ýagty, ylham beriji we döredijilik taýdan baý durmuşda ýaşady. Elektron aýdym-saz albomynyň awtory, köp saz toparlarynda, orkestrlerde eserleri çaldy, improwizasiýa we jaz dünýäsinde aýdym-sazy halaýanlaryň hemmesiň öz içine alýan innowasion döredijilik taslamalaryna gatnaşdy.
Görnükli rus şahyrlaryndan, ýazyjylaryndan, proza ýazyjylaryndan, kompozitorlaryndan we sazandalaryndan ybarat abraýly emin agzalary, bäsleşige iň oňat özboluşly gatnaşyjylaryň eserlerini bellediler. Olara diplomlar we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşik diňe bir edebi bäsleşik bolman, eýsem aýdym-saz (islendik stil, ugur) we sazandalar, aýdym-sazy döredýänler hakda edebi eserleriň bir görnüşi boldy. Sazyn hakyky jadyly döredijilik güýji Gündogar bilen Günbatary birleşdirdi. Okyjylar dünýäniň dürli künjeklerinden döwürdeşleriniň işleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik aldylar. Emin agzalary gatnaşyjylaryň ýokary ruhy potensialyny bellediler, finalçylaryň hemmesiniň açyk, adatdan daşary we zehinlidigini, şonuň üçin iň güýçlisini saýlamagyň aňsat däldigini aýtdy.
Ýuliýa Jumaýewanyň edebi eserleri eminler tarapyndan birbada iki nominasiýada sylaglandy. Milli lezzet bilen doldurylan “Giç düşünmeklik” hekaýasy Finalist we okyjynyň saýlama diplomyny aldy.
Ilkinji türkmen zenan kompozitory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri
Jeren Gurbangylyjowanyň döredijilik işine bagyşlanan haýran galdyryjy “Birleşen
sesleriň sazlaşygy” oçerki üçin awtor halkara bäsleşiginiň III derejesiniň laureaty
diýen ada eýe boldy.
Türkmenistanyň wekili “Diňe bir saz bar” atly halkara edebi bäsleşiginiň baýragynyň eýesi
28
Oct