TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri sebitleýin forumlary geçirmek barada ylalaşyga geldiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň sebitleriniň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň ähmiýetini nygtadylar. Döwlet baştutanlarynyň gepleşikleri döwründe hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini — sebitleriň Forumlaryny geçirmek barada gepleşdiler, diýip «orient.tm» ýazýar.

Döwlet baştutanlary ýurtlaryň arasynda özara gatnaşyklaryň ýene bir möhüm faktoryny — medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bellediler.

Özara medeniýet we kino Günlerini geçirmek, teatr we aýdym-saz toparlarynyň gastrollaryny guramak, ylmy intelligensiýanyň duşuşyklaryny guramak we şuňa meňzeş iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik döredýän beýleki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyga gelindi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: