Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada Ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Daşkentde geçiren gepleşikleriniň netijesinde özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi, diýip «orient.tm» habar berýär.

Bu resminama goňşy ýurtlaryň serhetýaka etraplarynyň — Lebap we Buhara welaýatlarynyň, şonuň ýaly-da Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň arasynda özara gatnaşyklary has giňeltmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector