Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar. 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Awazada geçirilen “Azerbaýjan –Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teswirnama
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow tarapyndan gol çekildi. Bu barada “Gazeta.uz” internet neşiri ýekşenbe güni habar berdi.
Resminama “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde gol çekildi.
Bu ylalaşyk ýakyn geljekde göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy üçin mümkinçilik döredýär, diýip Ilhom Mahkamow belledi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky göni howa gatnawlary dikeldiler
26
Aug
