Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Resminama gol çekilmegi bilim we ylym ulgamynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda nobatdaky möhüm tapgyr boldy. Bu waka ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky özara hereketleri ösdürmäge täze itergi berer, halkara ylym we bilim aragatnaşyklaryny hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar.
Ähtnama gol çekmek dabarasynyň çäklerinde taraplar bilim maksatnamalaryň ýokary hilini üpjün etmek, bilelikdäki ylym we bilim taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, okuw we ylmy işleri
kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri we usulyýet gollanmalaryny alyşmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň
meýilnamalaryny kesgitlediler. Akademiki alyşmalary – talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň hünär ýokarlandyryş çärelerini guramak meselelerine hem-de bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

01
Jul