Türkmenistanyň we Başgyrdystanyň kärhanalary hyzmatdaşlygyň mesellerini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny özünde jemlän «AgriTek/FarmTek Astana-2022» Halkara sergisi geçirildi. Oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň 11-isinden 200 töweregi kompaniýa gatnaşdy.

Türkmenistandan gatnaşan wekiliýet işewürlik maksatlarynyň çäklerinde Başgyrdystanyň we Gazagystanyň wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ugurlary barada pikir alyşdy diýip, «Молодежная газета» neşiri habar berýär, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

Başgyrdystanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Margarita Bolyçewanyň belleýşi ýaly, sergide respublikanyň wekilleriniň esasy wezipesi işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we halkara jemgyýetçiligi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bolup durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector