SYÝASAT

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-leri hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdi

9-njy noýabrda Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda TDIM-niň binasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Oňa iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Awstriýanyň işewürlik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça R.Meredow hem-de M.Linhart Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.