SYÝASAT, TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň «Visa» bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar

Şu ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan bilen “Visa” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda halkara işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Foruma gatnaşyjylar “Visa” kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany forumyň geçirilmegini goldap, çäräniň ýokary guramaçylyk derejede geçirlemgini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.