Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistan yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu ugurda gazanylan möhüm üstünlikleriň biri hökmünde 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň dabaraly açylandygyny görkezmek bolar.
275 gektar meýdany eýeleýän howa menzilinde bir sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan ýolagçy we ýük terminaly, beýikligi 35 metre barabar bolan gözegçilik diňli dispetçerlik merkezi, halas ediş we ýangyn söndüriji gulluklaryň binalary, şeýle hem beýleki tehniki desgalar ýerleşýär. Uzynlygy 3200 metr bolan uçuş-gonuş zolagy, ýörite ýol ulgamy we 6 uçara hem-de 4 dikuçara niýetlenen duralga uçuşlaryň ähli görnüşlerini kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Balkanabat Halkara howa menzili Balkanabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherçede gurlup, ol «Mollagara» şypahanasyndan bary-ýogy 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu döwrebap howa menzili halkara ülňülere we talaplara doly laýyklykda bina edilen häzirki zaman awiasiýa toplumydyr.
Açylyş dabarasynda öňdebaryjy halkara awiasiýa guramalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, bu desganyň ýokary derejesini biragyzdan tassykladylar. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantik sebitleri boýunça direktory Nikolas Rallo wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, Balkanabat Halkara howa menziliniň ICAO-da resmi hasaba alynandygyny tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylandygyny habar berdi. Halkara howa ulag assosiasiýasynyň (IATA) infrastrukturanyň ösüşi boýunça direktorynyň orunbasary
Dmitriý Kosolapow hem täze howa menziliniň IATA talaplaryna doly laýyk gelýändigini belläp, degişli şahadatnamanyň berlendigini mälim etdi. Mýunhen Halkara howa menziliniň wekili öz çykyşynda Balkanabatdaky howa menziliniň öňdebaryjy halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini aýratyn nygtady. «Al-Hatmi Consulting» maslahat beriş kompaniýasynyň wekili bolsa desganyň gurluşygynyň halkara ülňülere doly gabat gelýändigini tassyklady.
Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. Gadymy Balkan topragynda şu gün açylyp ulanmaga berilýän döwrebap Balkanabat Halkara howa menzili hem bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi we täze howa menziliniň howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy, ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün etjekdigini, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegi boljakdygyny nygtady. Taryhda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap
Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň
mümkinçiliklerini has-da giňeltjekdigine, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Howa menziliniň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ulanylmagy onuň halkara derejesinde şeýle ýokary ykrar edilmegine mümkinçilik berdi. Uçuş-gonuş zolagy boýunça geçirilen synaglaryň üstünlikli netijeleri gurluşygyň ýokary hilini we dünýä howpsuzlyk talaplaryna laýyklygyny görkezdi.
Balkanabat Halkara howa menzili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna laýyklykda alnyp barylýan ulag infrastrukturasynyň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagynyň dowamy bolup durýar.
Täze howa menzili sebit we ählumumy ulag geçelgeler ulgamynyň möhüm halkasyna öwrülip, mundan ozal işe girizilen Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleriniň işini üstünlikli dowam etdirer.
M37 magistralynyň we Çeleken ýarymadasyna alyp barýan R-17 awtomobil ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi sebäpli, Balkanabat Halkara howa menzili Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orny eýelär. Şeýle hem «Mollagara» şypahanasyna dynç almak we saglygyny dikeltmek maksady bilen barýan ýolagçylara ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmagy sebitde şypahana syýahatçylygynyň ösmegine uly goşant goşar.
Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygy Türkmenistanyň sebit we yklym derejesindäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda strategik ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurduň dünýä ykdysadyýetine integrasiýasyny çuňlaşdyrmaga, halkara söwdasynyň we syýahatçylygynyň ösmegine amatly şertleriň döredilmegine ýardam eder.
Maral DATOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.