SYÝASAT

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy salgyt tölemekden boşadyldy

Täjigistanyň Dusti etrabynyň Ergaş Sultonow obasynda gurulýan 540 orunlyk mekdebiň buýrujysy we baş potratçysy goşmaça baha üçin salgyt tölemekden boşadyldy. Täjigistanyň hökümeti degişli karar kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Mekdebi Türkmenistanyň ilçihanasynyň buýurmasy boýunça gurarlar. Bu binanyň gurluşygyna salgyt salynmaz. Şonuň ýaly-da, Täjigistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan sanawa laýyklykda, bu binanyň gurluşygy üçin getiriljek harytlar we önümler goşmaça baha üçin salynýan salgytdan we gümrük pajyndan boşadylýar.

Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergaş Sultanow obasynda türkmen diasporasy ýaşaýar. Täze okuw jaýyna türkmen we dünýä edebiýatynyň klassygy Magtymguly Pyragynyň adyny dakarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: