JEMGYÝET

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri talyp ýaşlar bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde «Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Halkymyzyň köpasyrlyk milli mirasyny, asylly däp-dessurlaryny wagyz etmek, ýaşlara milli ruhda terbiýe bermek, okuw sapaklarynyň hilini kämilleşdirmek maksady bilen guralan bu çärede tejribeli mugallymlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň täsirli çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda pederlerimiziň nesil terbiýesine içgin çemeleşip, bu meseläni hiç wagt ünsden düşürmändiklerini nygtadylar. Çärede türkmen ýigitlerini ýaşlykdan edermen, gaýratly, zähmetsöýer, watansöýüji edip ýetişdirmek, gyzlarymyzy edep-ekramly, ahlakly, milli ruhda terbiýelemek boýunça bilim edaralarynda yzygiderli alnyp barylýan işleriň guwandyryjy netijeleri barada hem söz açyldy.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: