JEMGYÝET

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «El hünäri il gezer» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady. Bu medeni çärede ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklar giňden wagyz edildi.

Duşuşygynyň çäklerinde guralan sergide Türkmenistanyň suratkeşleriniň milli sungaty wasp edýän eserleri görkezildi. Olaryň arasynda nakgaşçylyk, zergärçilik, heý­kel, keramika eserleri, milli şaý-sepler bar. Döredijilik duşuşygynyň soňy aý­dym­-saz bilen utgaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: