Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgarlerini güni bellenildi

«Farap» şypahasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgarlerini güni mynasybetli dabara boldy. Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan guralan çärä welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi, täze saglygy goraýyş edralarynyň gurlandygy, ýene-de birnäçesiniň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy, olaryň iň kämil anyklaýyş we bejeris enjamlary bilen üpjün edilýändigi barada gürrüň etdiler. Tapawutlanan lukmançylyk işgärlerine müdirlik we pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň guramasy tarapyndan taýýarlanylan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Soňra baýramçylyk konserti boldy.
Bu ýerde guralan sergide soňky ýyllarda ýurtda we welaýatda saglygy gorýyş ulgamynyň ösüşini görekzýän eksponatlar goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply

Adblock
detector