JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlary Koreýa Respublikasynda mugt okap bilerler

Koreýa Respublikasynda bilim almak isleýän raýatlar üçin arzuwyny hasyl etmäge mümkinçilik döredi.

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky halkara bilim  milli instituty (National Institute for International Education) döwlet talyp haky maksatnamasyny yglan etdi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda resminamalary kabul edýärler. Resminamalar sagat 14:00-dan 16:00-a çenli we şol güni hem içine almak bilen, 30-njy sentýabra çenli kabul edilýär Belli bir sebäplere görä Aşgabada gelip bilmedikler resminamalaryny poçtanyň üsti bilen iberip bilerler. Koreýa Respublikasynyň salgysy: Aşgabat ş., Azady köçesini- 17-nji «a» jaýy.

Söhbetdeşlik geçmek üçin saýlanan dalaşgärleriň her biri aýratynlykda 14-nji oktýabrdan soň habarly ediler.

Gerekli maglumatlary ilçihananyň resmi saýtyndan tapyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: