Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň esasy konsepsiýalary» ady bilen okuw maslahaty geçirildi.

Halkara ösüş boýunça ABŞ-nyň agentliginiň (USAID) «Döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde geçirilen bu okuw maslahatynyň maksady maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, sanly ulgamlaryň dolandyrylyşynyň esasy konsepsiýalary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Üç günläp dowam eden bu okuw maslahatyna Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleri we magistr taýýarlygy okuwlarynyň talyplary gatnaşdylar. Olaryň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjeleri, sanly özgertmeleri we sanly gurallary döwlet gullugyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi hem-de hyzmatlar, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmakda bu okuw maslahaty ähmiýetli çäreleriň biri boldy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector