SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşdy

Düýn welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar.

Dalaşgär ýygnananlary özüniniň maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Onda Lebap topragynda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak,ýaşaýyş jaýlarynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, täze orta mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak we beýleki meseleleriň çözgütleri beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, saýlawçylaryň soraglaryna jogap berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: