SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda öňünden ses bermeklik başlandy

Şu gün Lebap welaýatynda döredilen saýlaw uçastoklarynda öňünden ses bermeklik başlandy. Ses bermeklik ähli ýerlerde kanunda görkezilen tertibe laýyklyda alnyp barylýar. Oňa saýlaw uçastogynyň azyndan iki agzasy gatnaşýar. Doldurylan saýlaw býulletenleri bolsa öňünden möhürlenen gutulara atylýar.

Raýatlaryň saýlawlara gatnaşmaga bolan hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Türkmenistanyň saýlaw kodeksinde» we beýleki resminamalarda kepillendirilendir. Saýlawlaryň geçirilýän gününe çenli on sekiz ýaşy dolan Türkmenistanyň her bir raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmaga, gizlin ses  bermek arkaly göwnüne ýaran dalaşgäri goldamaga, orta atylýan meseleler boýunça öz pikirini beýan etmäge hukugy bardyr. Kanunçylykda dürli sebäplere görä saýlawlary geçirilýän güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän raýatlaryň saýlamak hukuklaryndan peýdalanmagy üçin hem mümkinçilikler döredilýär. Ýagny, saýlawlara on gün galanda, olar öňünden ses berip bilýärler. Bu hukukdan zähmet rugsadyna çykyp, öýünden uzakda dynç almagy, özüni bejertmegi meýilleşdirýän, başga ýere gatnap işleýän, şol gün başga sebäplere görä öýünde bolup bilmejek beýleki adamlar peýdalanýarlar.

Saýlawçylaryň esasy topary bolsa saýlaw uçastoklaryna 12-nji mart güni gelerler we özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: