TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara gol çekiler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belläp, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi doganlyk Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere özüniň özbek kärdeşi bilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: