Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärä döwlet işgärleri, daşary ýurtlaryň ilçileri, medeniýet, edebiýat we sungat işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler türkmen Lideriniň ajaýyp edebi dilde ýazylan eseriniň özünde hakyky ylmy maglumatlary jemleýändigini, onda taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalaryň getirilýändigini, onuň her bir setirinde behişdi bedewlere bolan guwanjyň duýulýandygyny bellediler. Indi bu kitap arap, nemes we türk dillerinde gürleýän okyjylar üçin hem elýeterli boldy. Olara ähli döwürlerde türkmenleriň atyna nähili aýawly garandyklaryny, ahalteke atlarynyň gelip çykyşyny, olaryň türkmenler we beýleki halklar üçin ähmiýetini bilmek gyzykly bolar.
Owadan suratlar bilen bezelen bu kitap geçen ýyl türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykypdy.