SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Jo Baýden bilen duşuşmagyna garaşylýar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden indiki hepde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baştutanlary bilen özüniň ilkinji duşuşygyny geçirmegi mümkin. Bu barada Prezidentiň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Jeýk Salliwan brifingde yglan etdi.

Salliwanyň pikiriçe, duşuşyk hiç bir ýurda garşy ugrukdyrylan däl, ABŞ bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda işlemek isleýän oňyn meseleler baradadyr.

Ýatladyp geçsek, indiki hepde Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýolbaşçylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-a gelmegi meýilleşdirýär.