JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi  

Hökümetiň 11-nji iýunda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öňde boljak Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu ýyl Medeniýet hepdeligi 22-27-nji iýuny aralygynda Mary welaýatynda geçiriler. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi we ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary we beýlekiler guralar. Hepdeligiň çäklerinde göçme maslahatlar we sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň görkezilişi bolar. Ýurduň welaýatlarynda we paýtagtda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni 27-nji iýunda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: