SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Ýulduz Jumabaýewa dünýäniň çempionynyň medalyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji bolan türkmen ştangaçysy Ýulduz Jumabaýewa çempionyň altyn medalyny gowşurdy. Bu barada «ORIENT» ýazýar.
Sylaglamak dabarasy Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki Başa baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi.
Altyn medal Ýulduza çempionat tamamlanan dessine gowşurylmady. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal gazanan taýlandly türgen Thunýa Sukharoeniň dopinge garşy düzgünleri bozanlygy we sport kwalifikasiýasynda mahrum edilenligi sebäpli Agyr atletika boýuna halkara federasiýasy öňki kararyna täzeden seretdi. Netijede iki görnüş boýunça 179 kilogram agramy (104 we 75 kg) götermegi başaran Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň eýesi diýlip yglan edildi.
Türkmen Lideri Jumabaýewa iki sany altyn medal gowşurdy. Olaryň birinjisi çempionyň altyn medaly, ikinjisi itekläp götermek boýunça (104 kg) iň gowy netije görkezendigi üçin.

 

 Ýulduza Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Lexus 570 Sport Plus» awtoulagyny hem gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply