Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün irden
Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar
berýär.
Ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz
häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze
tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary,
senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmenistan bolsa
tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has
netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň soňky
ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly
pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy
hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan
dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda
mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de duşuşykda
medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda
galýandygy bellenildi.