TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon uniwersitetiniň «hormatly doktory» boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw
mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň dakylmagy
döwlet Baştutanymyzyň «Günüň dogýan ýurduna» saparynyň iň möhüm wakalarynyň biri
boldy. Şu gün «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti
Kýosuke Nagata bilen geçirilen duşuşykda ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu
akademiki derejäniň degişli diplomyny gowşurdy.
Jenap Kýosuke Nagata hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba
uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky
dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da, bilim ugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan
edýändigini aýdyp, şeýle ada eýe bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: