SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene bir dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşdy

Lebap welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlaryň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy, diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Soňra welaýatyň saýlawçylarynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylsa, durmuş ugurly syýasaty dowam edip, mähriban Watanymyza we halkymyza yhlasly zähmeti bilen gulluk etjekdigini nygtady. Şonuň ýaly-da, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek, hususy telekeçilige goldaw bermek we raýatlaryň durmuş goraglylygy ýaly wezipeler hemişelik üns merkezinde saklanjakdygyny, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyryljakdygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: