TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene bir dalaşgär hödürlenildi

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi.

Sişenbe güni Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýynyň dowamynda ýurduň Agrar partiýasy Agajan Bekmyradowy iň uly döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi, diýip, «business.com.tm» ýazýar.

Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.

Agajan Bekmyradow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanda Prezident saýlawlary möwsümi duşenbe güni başlandy.