SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine lebaply dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşdy

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda bu sebitden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy, diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Dalaşgär çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, milli bähbitlere esaslanýan, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän döredijilikli içeri we daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady.

Ol saýlawçylaryň durmuş ulgamyny, şol sanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sporty höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, ýangyç-energetika toplumyny innowasiýa taýdan ösdürmek baradaky sowallaryna jogap berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: