Türkmenistanyň Prezidenti üçünji kitabyny ýazyp tamamlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurtda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünlikleriň jeminiň jemlenýändigini belledi we bu kitabyň mähriban türkmen halkyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.