JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet baştutanynyň gol çeken Permanynda onuň işde goýberen kemçilikleri üçin işden boşadylýandygy bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde ol Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: