TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyndan kanagatlanma bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze, döwrebap okuw binalar toplumynda hem professor-mugallymlar, talyplar üçin ähli şertler döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan orta mekdepler, çagalar baglary öz gapylaryny giňden açdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralarynyň guruljakdygyny aýtdy. Munuň özi bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.